Done Process

Kök design

Grafika dili

Agaçdan, demirden we beýleki materiýallardan dürli görnüş interýer böleklerini elde ýasaýan bu toparyň logosy ýasalanda sadalyk bilen bir hatarda agaja mahsus bolan tebigylygy öň plana çykardyk. Taýýarlan logomyz hakykatda hem tebigy agaç bölekleriniň asyl keşbine zyýan ýetirmän işlemegi başarýan we özlerine “kök” haryt nyşanyny saýlap alan bu toparyň beýany bolup döredi. Keşde görünüşi ýaly logonyň daşyna ýarym şar aýlanmagy netijesinde bolsa brendiň talaplaryna gabat gelýän dürli görnüş interýer elementlerini şekillendirmek mümkin.